Habarlar

2026-njy ýylyň 14–15-nji oktýabrynda "Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we ynsanperwerlik çärelerinde Milli jemgyýetiň mümkinçiliklerini güýçlendirmek" atly taslamasynyň çäginde Merkezi edarasynda seminar guraldy. Bu seminary BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (UNHСR) Merkezi Aziýa boýunça wekili alyp bardy. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal, Mary, Balkan, Daşoguz, Lebap welaýat bölümlerinden gelen işgärler we Merkezi edaranyň hünärmenleri gatnaşdy.

Birinji gün gatnaşyjylar bosgunlar bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlarda utgaşdyryş mehanizmlerini, ýerleşdirmegiň görnüşlerini, pul kömegini, ynsanperwer satyn alyşlary, şeýle hem ejizligi we howplary bahalandyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar. Ikinji gün ammar dolandyryşyna, töwekgelçilik matrisasyna we töwekgelçilikleri dolandyrmagyň strategiýalaryna, logistika we ulag meselelerine bagyşlandy. Seminarda Gyrgyzystanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň adatdan daşary ýagdaýlara jogap bermek boýunça hünärmeni öz tejribesi bilen (ONLIN) arkalay paýlaşdy.

Seminar TMGÝJ-niň ammarynda amaly sapak bilen tamamlandy. Gatnaşyjylar ýükleri kabul etmek we ugratmak, harytlaryň hasabyny ýöretmek we resminamalary taýýarlamak boýunça tejribe edindiler.

Iki günlik okuw seminary işgärlere çaknyşyklar, krizisler we tebigy betbagtçylyklar sebäpli ýüze çykýan adatdan daşary ýagdaýlarda bosgunlaryň uly toparlaryny dolandyrmagyň aýratynlyklaryny has çuňňur düşünmäge kömek etdi, sebäbi şeýle ýagdaýlarda öňünden taýýarlyk aýgytly ähmiýete eýedir.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Oktyabr 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
25245609
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4259
22887
475839
595677
25245609

Siziň IP: 216.73.216.88
2026-10-22

Связь с нами