2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 13-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasyny bilen bilelikde “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek we olara jogap bermek boýunça ýerli we milli mümkinçilikleri güýçlendirmek” taslamasynyň çäginde meýilnamasyna laýyklykda, Lebap welaýat bölüminiň guramaçylyk etmeginde, Türkmenabat şäherindäki 32-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde bäsleşik geçirildi. Meýilnama laýyklykda “Ýaşyl mekdeplere” degişli orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda TGÝMJ-ň Lebap welaýat bölüminiň meýletinçileriň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşiginiň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlara çagalaryň zerurlyklaryny, Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermekligiň düzgünleri atly temalar boýunça amaly usulda ýerine ýetirildi.
Jemi bäsleşige 20 sany okuwçy-meýletinçiler gatnaşdy. 1-nji orny eýelän topar höweslendirildi we degişli sertifikatlar gowşuryldy.















