Habarlar

Guramamyzyň öňünde duran wezipelerini durmuşa geçirmekde biz meýletinçiler Watan mukaddesliklerini, sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen baglanşykly işleri halkyň arasynda yzygiderli alyp barýarys. Amaly-okuw maslahatlary, wagyz-nesihat çäreleri orta mekdeplerde öz deň-duşlarymyzyň arasynda has-da köp geçirýäris. Ýerlerde işiň netijesiniň gowy bolmagy üçin meýletinçileriň özleriniň hem Milli jemgyýetiň köp taraply iş ugurlary boýunça habarlylygynyň artyp, kämilleşmegi zerur bolup durýar. Ynha şu gün 2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda  Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminde  BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky milli wekili Ahmet B. tarapyndan “Ýer titremäniň we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi ýokary bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek we olara jogap bermek boýunça ýerli we milli mümkinçilikleri” atly taslamasynyň çäginde meýletinçi ýaşlarymyzyň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, adatdan daşary ýagdaýlara çagalaryň zerurlyklaryny, gender meselelerini we durmuş ýagdaýlaryny göz öňünde tutmak arkaly taýýarlyk, betbagtçylyga uçrana lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň dogry endikleri barada usuly okuw sapagy geçirildi. 20 sany meýletinçi bolup gatnaşan okuw çäresinde usuly tejribeler alyşyldy, prezentasiýa arkaly täsirli çykyşlar diňlenildi we degişli wideoroliklere tomaşa edildi. Şeýle-de okuw sapagyna gatnaşan biz meýletinçilere geçirilen çärede wagyz edilen, öwrenilen möhüm meseleleri welaýatyň çäginde ýerlerde durmuşa geçirmek ündeldi. Ýaşlarmyzyň, deň-duşlarmyzyň hem-de türkmen halkymyzyň abadan ýurdumyzda asuda ýaşamagy ugrunda biz meýletinçiler elimizden gelenini gaýgyrmarys. BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky milli wekillerine hem meýletinçiler bilen duşuşyp, şeýle täsirli okuw sapaklary üçin çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.    

 

 

 

 

Noyabr 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 31 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
19771921
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6518
6968
6518
174407
19771921

Siziň IP: 216.73.216.118
2025-11-01