Habarlar

TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölümi “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ösüp gelýän ýaş nesilleriň atalyk aladasyny edýän Hormatly Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirýär. TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölümine täze meýletinçileri çekmek üçin, Ak bugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebinde ýaşlaryň gatnaşmagynda ,,TGÝMJ-niň taryhy döreýşi we alyp barýan ynsanperwer işleri” barada we Hormatly Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara okamana, döretmäne, Watanmyzyň hemme taraplaýyn gülläp ösmegine goşant goşup bilýän ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler döredip berýändigi barada  ýaşlar bilen sorag-jogap arkaly giňişleýin gyzykly gürrüňdeşlik wagyz-nesihat okuw sapagy geçirildi. TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölüminiň ,,Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek” taslamasyna esaslanyp, esasan hem ýaşlar üçin geçirýän wagyz-nesihat okuw sapaklary, ösüp gelýän ýaş nesliň Watanmyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýmak, jemgyýetimiziň öňe gitmekligini, her bir işde ynsanperwer adamlar bolup ýetişmekleri üçin öz ähmiýetini görkezýär.  Biz üçin şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlaryň alkyş sözleri tükeniksizdir.

 

 

 

 

Iyul 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 31 1 2 3
18835526
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8528
10871
116873
468293
18835526

Siziň IP: 18.97.9.168
2025-07-09