Habarlar

Belent mertebeli Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  ýolbaşçylygynda ýurdumyzda adam saglygy baradaky alada esasy orunda durýar. Baş kanunymyz bolan Turkmenistanyň konstitusiýasynda “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr” diýen ýörelgeden ugur alyp, eziz diýarymyzda adamyň ruhy we beden taýdan sagdyn ösmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär we ynsan saglygyny goramak boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär, sagdyn durmuş ýorelgesi giňden wagyz edilýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan  welaýat  bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň meýletinçileri bilen bilelikde Türkmenbaşy etrabynyň 1-2-3-18-20-21-nji orta mekdebinde okaýan uly synp okuwçylaryň we mugallymlaryň arasynda Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endikleri boýunça okuw sapagy geçirildi. Biziň maksadymyz: аdaty bolmadyk ýagdaýlar ýüze çykanda özüňi howsala aldyrmazlyk, ejir çekenlere ilkinji lukmandan deslapky kömegini bermeklik, adam saglygyny goramak ugrundaky göreşdir.

  Adam saglygyny goramakda ahli şert mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň  janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri mundan beýlakde rowaçlyklara beslensin!

 

 

 

 

 

 

Iyun 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
26 27 28 29 30 31 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 1 2 3 4 5 6
18254536
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4176
14709
4176
486034
18254536

Siziň IP: 216.73.216.210
2025-06-01