Habarlar

Merkezi Aziýanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Ynsanperwerlik diplomatiýasy üçin platforma döretmek boýunça onlaýn maslahata gatnaşdy. Duşuşyga sebit bölüminiň müdiri Birgitte Bişoff  Ebbesen, Merkezi Aziýadaky Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Federasiýasynyň sebitleýin bölüminiň başlygy Sewal Guzelkilinç, ynsanperwerlik diplomatiýa we gatnaşyklar bölüminiň sebit başlygy Dik Klomen, şeýle hem gumanitar diplomatiýa wekili Joý Müller gatnaşdy.

Duşuşykda Milli jemgyýetleriň işinde ynsanperwerlik diplomatiýanyň ösmeginiň täze mümkinçilikleriň ýüze çykmagyna goşant goşýandygy we guramanyň işjeňligini pugtalandyrmaga mümkinçilik berýändigi, netijede Milli jemgyýetleriň halkara jemgyýetçiliginde, ýerli häkimiýetler we ilat bilen hyzmatdaşlykda ynsanperwerlik meseleleri çözmekde käbir häzirki maksatlara we wezipelere öňdebaryjy we utgaşdyryjy rollara geçmek mümkinçiliginiň boljakdygy bellenildi.

Merkezi Aziýanyň ähli Milli jemgyýetleriniň her gün ýüze çykýan  meňzeş kynçylyklaryň bir sebitde ýerleşýändigi bellendi, şonuň üçin hem bu ugurda habarlylygy ýokarlandyrmak üçin sebit derejesindäki ynsanperwerlik diplomatiýa merkezlerini guramak ýaly meselelere seredildi.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, öz gezeginde guramanyň ähli bölümleriniň arasyndaky aragatnaşyk nokatlaryny kesgitlemek, guramanyň ösüş strategiýasyny kesgitlemek we öňe sürmekde potensial hyzmatdaşlary gözlemek üçin gyzyklanmalaryny, ýurtda ynsanperwerlik diplomatiýa syýasatyny ösdürmäge kömek edýär.

 2024-nji ýylda ynsanperwerlik diplomatiýa boýunça ýyllyk meýilnamyny taýýarlamak barada işler alynyp barylýar. Geljekde Milli jemgyýetler tarapyndan alnyp barylýan ynsanperwerlik diplomatiýa çäreleri, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň Merkezi Aziýa sebitindäki tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik bermek, milli jemgyýetleriň ynsanperwerlik işleriniň ähli görnüşlerini yzygiderli höweslendirmek, goldamak we ýeňilleşdirmek we olara goşant goşmak üçin mümkinçilik döretmek hem-de mümkin boldugyça bütin dünýäde parahatçylygyň saklanmagyna we pugtalandyrylmagyna goşant goşup, adam azaplarynyň öňüni almak we ýeňilleşdirmegi maksat edinýär.

 

 

15967452
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11704
21971
317847
430988
15967452

Siziň IP: 3.144.115.117
2024-12-21