BAŞ SAHYPA

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hakyky merkezine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, halkara giňişliginde belent duralgalara eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň esasynda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri durýar. Bu parasatly ýolbaşçylyk ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny barha belende galdyrmak bilen, durnuklylygy üpjün etmäge we döwletleriň arasynda hakyky ynamy dikeltmäge gönükdirilendir.

Merkezi Aziýada özara goldaw: Adatdan daşary ýagdaýlara garşy bilelikdäki ädimler:

2026-njy ýylyň 16-19-njy iýunynda Gyrgyzystan döwletiniň Bişkek şäherinde «Sebitleýin taýýarlyk, utgaşdyrma we adatdan daşary ýagdaýlara jogap bermek mümkinçiligini güýçlendirmek» maksady bilen okuw türgenleşigi geçirildi. Bu okuw türgenleşigine Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal, Mary, Daşoguz  welaýat bölümleriniň  «Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak» bölümçesiniň müdiri, Merkezi Aziýa Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň, IFRC-niň Merkezi Aziýa boýunça ýurt toparynyň wekilçiliginiň, sebitleýin ofisiniň, hyzmatdaş Milli jemgyýetleriň we Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (ICRC) wekilleri gatnaşdy.

Ýeri gelende aýtsak, bu türgenleşik okuwynda Merkezi Aziýada esasy meseleler ýagny, köp sanly tebigy howplar, ýer titremeler, derýa we suw joşmalary, süýşmeler we palçyk akymlary, howanyň aşa gyzmagy we guraklyklar ýaly hadysalar ýüze çykanda edilmeli hereketler, jemgyýetleriň üpjünçiligi we özara işjeňligi barada pikir alyşylyp, soraglar we teklipler maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimiziň öňünde goýýan belent wezipeleri, biziň öňümizde täze maksatlara tarap ýol açýar. Bu belent wezipeler, öňde goýlan belent maksatlar, bizi-ýaşlary ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, mundan beýläk-de has uly höwes we irginsiz zähmet çekmäge ruhlandyrýar we ganatlandyrýar!

  

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyul 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 31 1 2
23419976
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6315
18590
79286
466845
23419976

Siziň IP: 216.73.217.145
2026-07-05

Связь с нами