BAŞ SAHYPA

2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Merkezi Aziýa boýunça Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 2026-nji ýylyň 1-nji ýarymynda alnyp barylan işler we gazanylan üstünlikler barada hem-de 2026-njy ýylyň 2-nji ýarymynda meýilleşdirilýän işler barada maslahat geçirildi. Bu maslahat birnäçe tapgyrlardan ybarat boldy:

Strategik garaýyş we ynsanperwer ugurlar. Merkezi Aziýa boýunça Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň 2026 – 2027-nji ýyllarda ileri tutulýan ugurlary, 2027-nji ýyl üçin bitewi maksatnamanyň düzülmegi.

Ynsanperwer diplomatiýa we betbagtçylyk ýagdaýynda jogap bermek ulgamyndaky hukuk. Betbagtçylyk bolan ýerinde hukuk boýunça şertnamanyň täzelenmegi, sebit boýunça utgaşdyrma we hukuk boýunça ileri tutulýan ugurlar barada maslahat.

Merkezi Aziýa boýunça Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň ösüşi we durnuklylygy. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň alyp barýan işleri barada maglumatyň alyş-çalşygy.

    2026-njy ýyl Halkara Meýletinçiler ýyly. Sebit boýunça utgaşdyrma, Gazagystan döwletinde geçirilen forum barada diskussiýa.

Hem-de Merkezi Aziýa boýunça Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky konsepsiýa hem seredildi.

2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda HIP proýektiniň “Betbagtçylyklary dolandyrmak”  atly türgenleşik çäresine gatnaşyldy.

Günüň ikinji ýarymynda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Prezidenti Keýt Forbsyň we Singapur döwletiniň Gyzyl Haç jemgyýetiniň, Italiýa döwletiniň Gyzyl Haç jemgyýetiniň, Türkiýe döwletiniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň, Finlýandiýa döwletiniň Gyzyl Haç jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda  Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň  Prezidenti Keýt Forbs hem-de Sebit boýunça ýolbaşçysy Sewal Güzelkilinj tarapyndan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetine  100 ýylyň dowamynda jemgyýetiň düýpli ýörelgelerine eýerip, özüniň irginsiz ynsanperwerlik zähmeti mynasybetli ýadygärlik sowgadyny gowşurdy. Bu ýadygärlik sowgady ýurdumyzda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ähli ýörelgeleri babatynda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk hem kämilleşmegine uly itergi bolar.

2026-njy ýylyň 17-nji iýunynda  Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Prezidenti Keýt Forbs bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy Maral Açilowa bilen iki taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Prezidenti Keýt Forbs Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň esasy ugurlarynda alnyp barylýan uly işler üçin öz minnetdarlygyny bildirdi. Geçirilen duşuşygyň netijesinde  Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň alyp barýan işleri barada we meýilleşdirilýän işler barada giňişleýin söhbetdeşlik geçirildi.

Merkezi Aziýa boýunça Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky maslahatyna maňa hem gatnaşmak miýesser etdi. Bu çäre biz ýaşlara sebitde deňi taýy bolmadyk akylly şäher Arkadag şäherinde hem biziň alyp barýan ynsanperwerlik işimizde Hormatly Prezidentimiziň biziň jemgyýetimiziň öňünde goýýan wezipelerini jemgyýetimiziň ýörelgelerine eýerip mundan beýläk-de işlemäge uly höwes döretdi.

  

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
23184437
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1427
13951
310592
454636
23184437

Siziň IP: 216.73.216.237
2026-06-21

Связь с нами