BAŞ SAHYPA

2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Balkanabat şäherindäki Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň «Ałada» Ýaşlar merkeziniň meýletinçileri AIDS-e garşy bütindünýä göreş gününe bagyşlanan maglumat çäresini geçirdiler.

Çäre wagtynda meýletinçiler 488 adam bilen maglumat alyşdylar, olaryň 380-si zenanlar, 108-si erkekler boldy. Gatnaşanlara aşakdakylar düşündirildi:
— AIW-iň öňüni alyş çäreleriniň esasy usullary;
— irki diagnostikanyň ähmiýeti;
— wirusyň ýokmagynyň hakyky ýollary.

Meýletinçiler şeýle hem gyzyl lentajyklary taýýarlap, ýolagçylara gowşurdylar. Gyzyl lentajyk AIW/AIDS bilen göreşde goldawyň we raýdaşlygyň nyşanydyr. Bu çäre ilatyň habarlylyk derejesini ýokarlandyrmaga hem-de öz saglygyna jogapkärçilikli çemeleşmek medeniýetini berkitmäge hyzmat etdi.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
20331901
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10682
12003
218600
347898
20331901

Siziň IP: 216.73.216.121
2025-12-16

Связь с нами