2024-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň çäginde hereket edýän “Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýer titremesiniň ýokary töwekgelçiligi we tebigy betbagtçylyklar bolan adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny üpjün etmek we olara täsir etmek üçin ýerli we milli mümkinçilikleri güýçlendirmek” taslamasyna baglylykda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekiliniň alyp barmagynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň guramaçylyk etmeginde Türkmenabat şäherindäki 29-njy daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebinde we Çärjew etrabyndaky ýerleşýän 58-nji orta mekdebinde “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we olaryň töwekgelçiliklerini azaltmak” atly usuly okuw maslahaty geçirildi. Meýilnama laýyklykda degişli orta mekdepleriň bilim işgärleriniň we okuwçylarynyň hem-de Lebap welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlara çagalaryň zerurlyklaryny, gender meselelerini we Lukmandan deslapky ilkinji kömegini bermekligiň düzgünlerini yaşlara öwretmek, kämilleşdirmek hem-de durmuş ýagdaýlaryny göz öňünde tutmak arkaly taýýarlyk görmek babatynda usuly tejribeler alyşyldy, prezentasiýa arkaly täsirli çykyşlar diňlenildi we degişli wideoroliklere tomaşa edildi. Şeýle-de maslahata gatnaşan wekillere geçirilen usuly okuw çäresinde wagyz edilen möhüm meseleleri welaýatyň çäginde ýerlerde durmuşa geçirmek ündeldi.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý
Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat
bölüminiň başlygy B.Alyýew