BAŞ SAHYPA

Düzüminde müňlerçe agzalary, meýletinçileri bolan Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýet gaýragoýulmasyz meseleleri çözmäge işjeň gatnaşyp, döwletiň kömekçileri bolup durýar. Ilatyň arasynda amaly-okuw maslahatlary, wagyz-nesihat çäreleri yzygider gurnaýan Milli jemgyýet Baky Bitarap Türkmenistan döwletinde halkyň saglygyny goramakda, olara durmuş taýdan goldaw bermekde, ýaşlary milli däp-dessurlaryň ruhunda terbiýelemekde we ynsanperwerlik gymmatlyklary ýaýratmakda Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde saldamly goşant goşýar. 5-nji dekabr Halkara meýletinçiler güni bolup, ynsanperwer işlere höwes bilen ýardamçy bolýan meýletinçiler Milli jemgyýetiň Lebap welaýat bölüminde her ýyl baýramçylyk süýjülik saçagy bilen garşylanýar we olar ýadygärlik sowgatlar bilen höweslendirilýär. “Pähim-paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýylynyň dekabr aýynyň 5-ne hem edil şeýle baýramçylyk güni bellenilip otuz sany meýletinçiniň gatnaşmagynda Halkara ynsanperwerlik hukugy, Ynsanperwerlik ýörelgeleri, Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk, Ekologiýa arassaçylygyny berkitmek we Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermekligiň düzgünleri boýunça “Breýn-ring” bäsleşigini geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan meýlerinçiler geljekki meýilnamalar  we  çäreler barada pikir alyşdylar. Dabaranyň soňunda işjeň meýletinçileriň ýigrimi bäş sanysyna  ýadygärlik sowgady paýlanyp berildi.

           

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16398188
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10127
13929
271884
476699
16398188

Siziň IP: 3.137.181.194
2025-01-30