Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen halkyň saglygyny berkitmek, sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýanlaryň hataryny artdyrmak babatda taýsyz tagallalaryň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Milli “Gyzyl Ýarymaý” jemgyýetiniň agzalary hem mynasyp goşandyny goşýarlar. Jemgyýetiniň guramagynda paýtagtymyzdaky sport toplumlarynda gyzykly sport bäsleşikleri geçirilýär. Golaýda ýurdumyzyň Milli “Gyzyl Ýarymaý” jemgyýeti tarapyndan Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen sport bäsleşigi hem muňa aýdyň mysal boldy. Paýtagtymyzyň merkezinde hormatly Prezidentimiziň toý bagyny kesmegi bilen golaýda dabaraly ýagdaýda açylan köpugrly “Bagtyýarlyk” sport toplumynda geçirilen futbol ýaryşy örän gyzykly we çekeleşikli boldy hem-de janköýerlere tolgundyryjy pursatlaryň ençemesini bagyşlady. Bäsleşik türkmen ýaşlarynyň futbola gyzyklanmasynyň soňky ýyllarda has hem ýokarlandygyny nobatdaky gezek görkezdi. Basleşigiň soňunda Milli “Gyzyl Ýarymaý” jemgyýeti tarapyndan oňa gatnaşanlara gymmat bahaly sowgatlary, has tapawutlanan türgenlere baýraklar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowsuryldy.