BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň 2024-nji ýylyň iş meýilnamasynyň esasynda Içeri işler ministriliginiň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň,Türkmenistanyň Bilim ministriligi bilen bilelikde gurnamagynda Aşgabat şägeriniň ‘’Altyn Ýyldyz’’ çagalar sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynds ‘’Ýaşajyk ýangyn söndürijiler’’ atly çäresi geçirildi.

1-nji toparda,2-nji toparda we 3-nji toparda çykyş eden çagalar ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini dogry berjaý etmek bilen bu ugurda taýýarlanan çykyşlary boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň netijelerine görä, esasy baýrak - “Çagyryş kubogy” we birinji ýeri “Türkmendemirýollary” agentliginiň “Demirýolçy” topary aldy. Ikinji orny Energetika ministrligiň “Çynar” topary eýeledi , Döwlet ‘’Türkmengaz’’konserniniň  “Şöhle” sport topary üçünji orny eýeledi, ýeňiji toparlara diplomlar, ýadygärlik sowgatlary we gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Sentyabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
26 27 28 29 30 31 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 1 2 3 4 5 6
14373757
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
14594
18995
273010
368154
14373757

Siziň IP: 3.14.143.137
2024-09-16