Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirmek maksady bilen Gyzyl Ỳarymaỳ Jemgyỳetiniñ Balkan welaỳat bölüminiñ Bereket we Gyzylarbat etrap şahamçalarynyñ wekilleri Gyzylarbat etrabynda ýerleşýän „Dürdäne“ çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň arasynda „Sagdyn ýaşlar“ ady bilen çäre geçirdiler. Çärede çagalar „kim çalasyn, kim çakgan“, şeỳle-de, Watanymyzy, gözel tebigatymyzy wasp ediji surat bäsleşigi geçirildi. Ýaryşyň ýeňijilerine TGÝMJ-niň Balkan welaỳat bölümi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Çarä gatnaşan çagalara gelejekde sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý edip, Hormatly Prezidentimize, Watanymyza, halkymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler.