BAŞ SAHYPA

2024-nji ýylyň iýul aýynyň 10-na Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, Lebap welaýat raýat goranyş we halas ediş müdirliginiň we Lebap welaýat sport we ýaşlar syýasaty müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Türkmenabat şäherinde ýerleşýän 6-njy sport mekdebinde tomusky dynç alyş möwsüminiň 2-nji tapgyrynda Türkmenabat şäher häkimliginiň “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde talabalaýyk dynç alýan çagalar üçin olaryň wagtlaryny şadyýan geçirmek, sporta bolan höwesini artdyrmak, birek-birek bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, seýle-de sagdyn-durmuş ýörelgelerine doly eýermek bilen özleriniň saglygyny goramak, köptaraplaýyn bilim başarnyklaryny kämilleşdirmek we tejribelerini paýlaşmak maksady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça şowhunly bäsleşik geçirildi.

Çäräni ýokary derejede gowy hilli gurnan edara-guramalaryň jogapkär işgärlerinden ybarat emin agzalary sportuň şaşka, şahmat, tennis we biliňde halka aýlamak ýaly görnüşleri bilen bäsleşen çagalara ussatlyk bilen ýerine ýetiren oýunlary we utuş gazanan toparlar üçin özleriniň öwgüli sözlerini aýtdylar. 40-45 töweregi çagalaryň gatnaşmagynda geçirilen sport bäsleşiginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň, Lebap welaýat raýat goranyş we halas ediş müdirliginiň hünärmenleriniň, şeýle-de 6-njy sport mekdebiniň tälimçi türgenleriniň sportuň inçe syrlary, durmuşymyzda ýüze çykyp biläýjek dürli hili betbegtçylyklar bolan ýagdaýynda raýaty goramak we halas etmek, lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň düzgünleri boýunça eden wagyz-nesihat çykyşlary uly gyzyklanma bilen diňlenildi.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15209687
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7500
15899
600141
508799
15209687

Siziň IP: 3.137.216.227
2024-10-31