BAŞ SAHYPA

Gender boýunça düşünjäniň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri we inçekeseliň öňüni almak barada ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikdäki “Inçekeseliň öňüni almak we gender deňligi” boýunça geçiriljek çäreleriň iş meýilnamasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň geňeşiniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümleriniň, şeýle-de Lebap welaýat inçekesel hassahanasynyň bilelikdäki ylalaşylan meýilnamasyna laýyklykda welaýatyň çäginde ýerleşýän birnäçe zawod-fabrikalarda zähmet çekýän işçileriň arasynda amaly okuw maslahatlary we wagyz-ündew işleri Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň degişli hünärmenleriniň jogapkärçiliginde ýerlerde yzygiderli geçirilip gelýär.

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň mejlisler otagynda geçirilen okuw maslahatyna  himiýa zawodynda köpden bäri zyýanly şertlerde zähmet çekýän işçileriň 100-e golaýy gatnaşdy. Okuw maslahatynyň soňunda TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri tarapyndan diňleýjilere keselleriň yaýramagynyň öňüni almak barada taýýarlanan ýörite kitapçalar paýlanyp berildi.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
25 26 27 28 29 30 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
15697378
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13231
14101
47773
430988
15697378

Siziň IP: 18.97.9.171
2024-12-04