BAŞ SAHYPA

2024-nji ýylyň 26-njy we 27-nji martynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ýaş täze meýletinçileri üçin Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alp barmak barada giriş sapaklar geçirildi. Birinji günüň dowamynda Adatdan daşary ýagdaýlarda tiz duýmak, tiz herekete geçmek barada sorag-jogap  sapaklar geçirildi. Sfera taslamasynyň öz içine alýan, Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we halkara derejesinde betbagtçylyklarda tiz herekete geçmek barada sapagy geçirildi.

Ikinji gün meýletinçilere çadyr gurmak boýunça amaly sapak geçirildi hem-de TGÝMJ-niň işgärleri we meýletinçileri üçin betbagtçylyklara taýýarlyk görmek we  tiz herekete geçmek barada  maglumat berildi.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
14814270
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
14501
22638
204724
508799
14814270

Siziň IP: 35.173.48.18
2024-10-10