Habarlar

28.07.2026ý. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) Balkan welaýat şahamçasy Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen bilelikde Bereket etrabynda maglumat-aň-bilim çäresi geçirildi.

Duşuşyk inçekeseliň öňüni almagyň, sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmegiň wajyp meselelerine hem-de   mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna  we şu  günler uly  depginde alnyp barylýan Halk Maslahatyny guramaçylykly geçirmek hakynda dürli ugurlarda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça işleri alyp barylýandygy  aýdyp  geçildi.

Çäräniň esasy maksady — inçekeseliň ýaýrama ýollary, irki alamatlary we öňüni almagyň hem-de bejermegiň häzirki zaman usullary barada aýallaryň habardarlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Guramaçylar häzirki zamandaky inçekeseliň  doly bejerilýän  keseldigini we üstünlikli sagalmagyň esasy şertiniň ony wagtynda ýüze çykarmakdygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda TGÝMJ-niň hünärmenleri we Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalary gatnaşyjylara yzygiderli lukmançylyk gözegçiliginiň, flýuorografiýa barlagynyň, şahsy gigiýena düzgünlerini berjaý etmegiň, durnukly iýmitlenmegiň hem-de beden immunitetini berkitmegiň uly orny barada gürrüň berdiler. Gatnaşyjylara peýdaly maslahatlar berlen maglumat broşýuralary we ýatlamalar paýlandy.

Guramaçylar beýleki bilelikdäki başlangyçlaryň eneleriň we maşgalalaryň saglygy barada alada etmekde möhüm orun eýeleýändigini barada ilatyň saglygyny goramak boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge uly goşant goşýandygyny bellediler.

  

 

 

 

 

 

 

 

 

Iyul 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 31 1 2
23749981
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5515
8936
409291
466845
23749981

Siziň IP: 216.73.217.55
2026-07-31

Связь с нами