Habarlar

Ýigit hojalyk  jemgyýetiniň 100 golaý sürüjileriniň arasynda hünär kämilleşdiriş  okuwlary geçirildi.

Ýigit hojalyk  jemgyýeti zähmet  çekýän sürüjileriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak olaryň wezipe jogapkärçiliklerini artdyrmak zahmet howpsuzlyk  kadalaryny kämilleşdirmek  maksady bilen 2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iýmit gigiýenasy kafedrasynyň, TGÝMJ-niň hünärmenleriniň  gatnaşmagynda çäre  gurnaldy.

Bu  çärede sürüjilere  ýol  herekiniň howpsuzlygyny üpjün  etmek,  ýol-ulag hadysalarynyň öňüni  almak we  sürüjileriň hukuk  medenýetini  osdürmek barada birnäçe maglumatlar berildi  şeýlle-de uzak ýola gidilende  iýmit önümleriniň  saklanyşy  sanitar gigiýeniki kadalary arkaly hil  hem-de  howpsuzlugy üpjin etmek, nädogry iýmitlenmek we onuň gaýraüzülmeleri barada gyzykly gürrüňdeşlik  geçirildi.

     TGÝMJ-iň  hünärmenleri  bolsa jemgyýetiň alyp  barýan işleri barada 100 ýyllygyň dowamynda ýerine ýetirlen işler barada  ýetilen  sepgitler  bilen sürijileri duýgulandyrdylar. Ýokanç we ýokanç  däl  keselleriň öňüni  almakda jemgyýetiň ilat arasynda alyp  barýan  wagyz –nesihat işleriniň uly  bähbide  eýedigine belläp  geçdiler, şeýle-de  adatdan daşary  betbagtçylykly ýagdaýlarda  ýol  hadysalaynda özüňi  alyp  barmagyň düzgünlerini berjaý  etmek boýunça master –klaslar geçirildi.      

 Maslahatyň ahyrynda bize şeýle  giň mümkinçilikleri we yzygiderli goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny we hoşallyklaryny bildirdiler.

  

 

 

 

 

 

 

 

 

Iyul 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 31 1 2
23670231
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6494
11972
329541
466845
23670231

Siziň IP: 216.73.217.75
2026-07-22

Связь с нами