2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Merkezi Aziýa boýunça Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 2026-nji ýylyň 1-nji ýarymynda alnyp barylan işler we gazanylan üstünlikler barada hem-de 2026-njy ýylyň 2-nji ýarymynda meýilleşdirilýän işler barada maslahat geçirildi. Bu maslahat birnäçe tapgyrlardan ybarat boldy:
Strategik garaýyş we ynsanperwer ugurlar. Merkezi Aziýa boýunça Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň 2026 – 2027-nji ýyllarda ileri tutulýan ugurlary, 2027-nji ýyl üçin bitewi maksatnamanyň düzülmegi.
Ynsanperwer diplomatiýa we betbagtçylyk ýagdaýynda jogap bermek ulgamyndaky hukuk. Betbagtçylyk bolan ýerinde hukuk boýunça şertnamanyň täzelenmegi, sebit boýunça utgaşdyrma we hukuk boýunça ileri tutulýan ugurlar barada maslahat.
Merkezi Aziýa boýunça Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň ösüşi we durnuklylygy. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň alyp barýan işleri barada maglumatyň alyş-çalşygy.
2026-njy ýyl Halkara Meýletinçiler ýyly. Sebit boýunça utgaşdyrma, Gazagystan döwletinde geçirilen forum barada diskussiýa.
Hem-de Merkezi Aziýa boýunça Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky konsepsiýa hem seredildi.
2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda HIP proýektiniň “Betbagtçylyklary dolandyrmak” atly türgenleşik çäresine gatnaşyldy.
Günüň ikinji ýarymynda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Prezidenti Keýt Forbsyň we Singapur döwletiniň Gyzyl Haç jemgyýetiniň, Italiýa döwletiniň Gyzyl Haç jemgyýetiniň, Türkiýe döwletiniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň, Finlýandiýa döwletiniň Gyzyl Haç jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Prezidenti Keýt Forbs hem-de Sebit boýunça ýolbaşçysy Sewal Güzelkilinj tarapyndan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetine 100 ýylyň dowamynda jemgyýetiň düýpli ýörelgelerine eýerip, özüniň irginsiz ynsanperwerlik zähmeti mynasybetli ýadygärlik sowgadyny gowşurdy. Bu ýadygärlik sowgady ýurdumyzda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ähli ýörelgeleri babatynda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk hem kämilleşmegine uly itergi bolar.
2026-njy ýylyň 17-nji iýunynda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Prezidenti Keýt Forbs bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy Maral Açilowa bilen iki taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Prezidenti Keýt Forbs Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň esasy ugurlarynda alnyp barylýan uly işler üçin öz minnetdarlygyny bildirdi. Geçirilen duşuşygyň netijesinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň alyp barýan işleri barada we meýilleşdirilýän işler barada giňişleýin söhbetdeşlik geçirildi.
Merkezi Aziýa boýunça Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky maslahatyna maňa hem gatnaşmak miýesser etdi. Bu çäre biz ýaşlara sebitde deňi taýy bolmadyk akylly şäher Arkadag şäherinde hem biziň alyp barýan ynsanperwerlik işimizde Hormatly Prezidentimiziň biziň jemgyýetimiziň öňünde goýýan wezipelerini jemgyýetimiziň ýörelgelerine eýerip mundan beýläk-de işlemäge uly höwes döretdi.




