Habarlar

Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň dynç alyş möwsümi hem başlaýar.  Ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden taýdan berk, sagdyn, ruhubelent ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek barada giň gerimli işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Il saglygy ýurduň baş baýlygy hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda halkyň saglygyny, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini baş maksatlaryň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Şeýle, uly atalyk aladalara jogap edip biz hem, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň  hünärmenleri  we meýletinçileri Gökderede  ýerleşýän “Ýyldyzjyk” çagalar sagldyş dynç alyş  merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “saglygym- baş  baýlygym” ady bilen saglygy berkitmek, sagdyn iýmitlenmek, ertirki maşklary ýerine ýetirmek sport bilen meşgullanmak adam saglygyny berkitmek üçin gerekli maglumatlary bermek  ugrunda dürli çäreler geçirildi. Çärä gatnaşan çagalarda ir säher bilen geçirilen bu çäreler ruhyny galkyndyryp, çärede meýletinçiler hem öz başarjaňlygyny görkezip çära gatnaşan çagalarda has-da ruhybelentlik duýgusyny oýardylar.

  

 

 

 

 

 

 

 

 

23189354
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6344
13951
315509
454636
23189354

Siziň IP: 216.73.216.237
2026-06-21

Связь с нами