Habarlar

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan “Çilimkeşlige garşy göreşmek” güni mynasybetli Daşoguz şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çäräniň esasy maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanlaryny düşündirmek hem-de zyýanly endikleriň öňüni almakdan ybarat boldy. Duşuşygyň dowamynda welaýat bölüminiň hünärmenleri okuwçylara çilimkeşligiň adam bedenine ýetirýän ýaramaz täsirleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Hususan-da, temmäki önümleriniň dem alyş ulgamyna, ýürek-damar keselleriniň döremegine, immunitetiň peselmegine hem-de adamyň umumy saglyk ýagdaýyna ýetirýän zyýanlary barada maglumatlar paýlaşyldy. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň geljekki durmuşyna ýetirip biljek täsirleri barada aýratyn nygtaldy. Çäräniň dowamynda okuwçylary sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge, sport bilen meşgullanmaga hem-de öz saglygyna jogapkärçilikli çemeleşmäge çagyrýan çykyşlar edildi. Şeýle-de ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleriniň ähmiýeti barada gürrüň edilip, olaryň sowatly, sagdyn we watansöýüji şahsyýetler bolup kemala gelmekleri ugrunda alnyp barylýan işleriň möhümdigi bellenildi. Wagyz-nesihat duşuşygy okuwçylarda uly gyzyklanma döredip, olaryň temmäki önümleriniň zyýanlary baradaky düşünjelerini has-da giňeltmäge ýardam berdi.

 

 

22812869
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11749
14405
393660
430348
22812869

Siziň IP: 216.73.217.81
2026-05-27

Связь с нами