Habarlar

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli welaýat bölüminiň işjeň agzalarynyň we meýletinçileriniň gatnaşmagynda işçi duşuşygy geçirildi. Çäräniň esasy maksady ýaş nesillerde watançylyk ruhuny pugtalandyrmak, gahryman ata-babalarymyzyň görkezen edermenligini ýaşlara giňden wagyz etmekden ybarat boldy. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk görkezen gerçekleriň geçen şöhratly ýoly, olaryň Watana bolan söýgüsi we gaýduwsyzlygy barada täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle hem ýaşlara parahatçylygyň, agzybirligiň we watansöýüjiligiň gadyr-gymmaty dogrusynda giňişleýin düşündirişler berildi. Çärä gatnaşyjylar gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hormat bilen ýatlap, olaryň edermenliginiň ýaş nesiller üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigini aýratyn bellediler.   

 

 

 

 

Iyul 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 31 1 2
23465622
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12906
19928
124932
466845
23465622

Siziň IP: 216.73.216.195
2026-07-07

Связь с нами