Habarlar

2026-njy ýylyň 1-nji maýynda  Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý  Milli jemgyýetiniň gurnamagynda Mary welaýat bölüminiň Tagtabazar etrabynda ýerleşýän 9-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň   arasynda “Saglygym-baş baýlygym” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

    Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Saglygy Goraýyş we durmuş  üpjünçilik  bölümi  boýunça  alynyp  barylýan işleri  barada aýdylyp  geçildi.    Esasan-da howanyň uýtgemegi  bilen adam  bedenine ýetirýän täsirleri barada mowzuk okaldy. Bu çärä  Tagtabazar etrap hassahanasynyň şepagat uýasy  okuwçylara temmäkiniň ýaş  nesiliň  aňyna ýetirýän  zyýany barada, okuwçylaryň saglygyny goramak üçin gündelik bedenterbiýe maşklarynyň ýerine ýetirilmelidigi, zyýanly  endiklerden daşda durmalydyklary barada gyzykly gürrüňler  berdi. Mekdebiniň  mugallymy bolsa mekdep okuwçylaryna tertip-düzgüni barada köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň edebi  barada, ösüp gelýän kiçi ýaşly çagalara görelde bolmalydyklary barada maslahat  berdi.

23075330
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
227
15676
201485
454636
23075330

Siziň IP: 216.73.216.10
2026-06-14

Связь с нами