Habarlar

Saglyk: Balkanabadyň çagalar bagynda baýramçylyk Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň. Balkan welaýat bölüminiň işgärleri Balkanabat şäheriniň çagalar baglarynyň birinde körpe nesiller üçin gyzykly sagaldyş çäresini geçirdiler.

Bu çäräniň esasy maksady — çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we kiçi ýaşdan saglygyňy goramagyň endiklerini kemala getirmekden ybarat boldy. Irden ruhubelentlik berýän sazlar astynda beden maşklary ýerine ýetirildi. Körpeler uly höwes bilen   görkezen hereketleri gaýtaladylar. Oýun arkaly çagalara şahsy gigiýenanyň kadalary, dogry iýmitlenmek we bedeni taplamagyň ähmiýeti barada gürrüň berildi. Jemgyýetiň wekilleri çagalara öz saglygyňy goramagyň we biri-biriňe kömek etmegiň ýollaryny düşündirdiler."Milletiň saglygy biziň çagalarymyzdan başlanýar. Olaryň ýüzündäki şatlygy we işjeňligi görmek biziň üçin iň uly sylagdyr. Şeýle çäreler çagalara sagdyn bolmagyň şadyýanlyk we mertebe ekenine düşünmäge ýardam edýär" diýip, guramaçylar bellediler. TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölüminiň guraýan bu başlangyçlary asylly däbe öwrüldi. Olar ösüp gelýän ýaş nesliň fiziki taýdan berkemegine ýardam etmek bilen birik-birege, çagalar bagynyň gündelik durmuşyna baýramçylyk we ruhubelentlik ähenlerini goşýarlar.

 

 

 

 

22217772
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12941
15189
228911
431495
22217772

Siziň IP: 216.73.216.22
2026-04-16

Связь с нами