Habarlar

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň «Zehin» ýaşlar merkeziniň meýletinçileriniň arasynda Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby, şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň ýazan beýleki gymmatly eserleri bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda meýletinçilere kitabyň mazmuny, onda beýan edilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara ähmiýeti, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň adamzadyň ösüşindäki orny barada giňişleýin düşündirildi. Şeýle hem Prezidentimiziň eserleriniň ýaşlarda watançylyk duýgularyny terbiýelemekde, milli buýsanjy pugtalandyrmakda we jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Bu  tanyşdyryş çäresi meýletinçileriň syýasy-düşünje derejesini artdyrmaga, kitaba bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga we milli gymmatlyklara hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge gönükdirildi.

 

 

 

 

 

 

 

 

Oktyabr 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
25284777
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
19350
24077
515007
595677
25284777

Siziň IP: 216.73.216.146
2026-10-23

Связь с нами