Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti öz işini halkara ýörelgelerine laýyklykda alyp baryp, jemgyýetde rehim-şepagat, agzybirlik we Watançylyk ruhuny pugtalandyrmagy esasy maksat edinýär. Bu ýylyň “ Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny ruhubelentlik bilen garşy aldy.

Her ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny kabul etmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň

“Döwlet adam üçindir! Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz bu gün parahat durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze  eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Täze ýylyň ady halkymyzyň arzuw-umytlaryny, köpasyrlyk milli gymmatlyklaryny hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryny  özünde jemleýär.  Bedew at-türkmen halkynyň buýsanjy, ösüşleriň we belent maksatlaryň nyşany hökmünde täze ýylyň şygarynda mynasyp orun aldy.

   Şu gün Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerini şygar edinip, Pederlerimiziň är-namysy , dogum gaýraty siňen eziz Diýarymyzyň asudalygynyň parahatçylygynyň goragynda sak duran merdana ogullaryň baýramy-Watan goragçylaryň güni!

      TGÝMJ-niň ähli şahsy düzümine we Watan goragçylaryna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy  geçirildi! Baýramçylyk dabarasynda Merdana Watan goragçylaryna hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beýik watansöýüjiligini,  ata Watanymyzy gözüňiziň göreji deýin goramakda gaýduwsyzlygyň, batyrlygyň edermenligiň, güýç-gaýratyň hemra bolmagyny arzuw edildi şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti tarapyndan meýilleşdirilýän çärelerde ahalteke atyň taryhy, milli mirasdaky orny hem-de ynsanperwerlik gymmatlyklary bilen sazlaşygy barada wagyz nesihat işleri alnyp barylýandygy;

  • Harby gullukçylara, weteranlara hem-de olaryň maşgalalaryna ahlak-durmuş goldaw bermek;
  • Watançylyk we ynsanperwerlik temasynda wagyz-nesihat duşuklary geçirmek;
  • Ýaşlar bilen terbiýeçilik çäreleri guramak barada nygtalyp geçildi.

        Bu çäreler jemgyýetde Watan goragçylaryna bolan hormaty has-da artdyrmaga hem-de agzybirlik ruhuny pugtalandyrmaga gönükdirildi.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti tarapyndan geçirilýän bu çäreler ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagyna , milli gymmatlyklarynyň wagyz edilmegine hem-de watançylyk ruhunyň berkidilmegine uly goşant goşdy.Geljekde-de Jemgyýet bu ugurda işlerini yzygiderli dowam etdirmegi maksat edinýär.

 

 

 

 

21068806
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13747
18510
528901
426604
21068806

Siziň IP: 216.73.216.33
2026-01-27

Связь с нами