Habarlar

Täze ýyl mynasybetli, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň, Lebap Welaýat bölüminiň “Gaýrat” ýaşlar merkeziniň meýletinçileri haýyr-sahawat çäresini geçirdiler. Fand-reýzingiň maksady näsag çagalar we döwletli çagalar üçin süýji sowgatlary ýygnamakdy. Türkmenabatyň ýaşaýjylary we telekeçiler bu inisiatiwa begenç bilen jogap berdiler we sowgat ýygnadylar. Inçekesel keselhanasyna degişli saglyk çagalar bagynda bejergi alýan çagalara sowgatlar paýlandy. Meýletinçiler çagalaryň taýýarlan çykyşlaryna tomaşa etdiler, soň bolsa Täze ýyl bilen gutladylar. Meýletinçiler çagalara saglyk arzuw etdiler we Täze ýyl sowgatlaryny berdiler.Bu wakadan soň meýletinçiler ýygnanyp,Türkmenabatdaky 9-njy  mekdep-internatyna gitdiler. Ol ýerde döwletli çagalara gutladylar we Täze ýyl sowgatlaryny berdiler. Şeýle ýagşy işler meýletinleri ruhlandyrýar we olara işimizde täze güýç berýär. Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi, ynsanperwerlik missiýamyza goşan goşandy we biziň bilen işjeň hyzmatdaşlygy üçin meýletinlere örän minnetdar.

 

 

 

 

 

 

 

 

Aprel 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 1 2 3
22126977
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10113
14543
138116
431495
22126977

Siziň IP: 216.73.216.6
2026-04-10

Связь с нами