Habarlar

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň  “Alada” Ýaşlar merkeziniň meýletinçileri Balkanabat şäherindäki internat mekdebiniň terbiýelenjileri üçin haýyr-sahawat Täze ýyl dabarasyny geçirdiler.Bu geçirilen çäre çagalara şatlyk, mähir we şowhun Täze ýyl täsinligini peşgeş bermek maksady bilen guraldy. Geçiriljek baýramçylygyň taýýarlygy öňünden başlandy.

Meýletinçiler serişde toplamak  işlerine işjeň gatnaşdylar, munuň netijesinde çäräni guramak we süýjilik sowgatlary satyn almak üçin zerur bolan serişdeleri toplamagy başardylar.Kiçi toparyň çagalary, şeýle hem internadyň ähli terbiýelenjileri üçin süýjilik sowgatlaryny taýýarlamak babatynda aýratyn üns berildi.

Täze ýyl baýramçylyk dabarasy geçirilen güni meýletinçiler mähirli, ýürekden aýdylan gutlaglary  bilen çagalary garş aldylar.Çagalar býramçylyk çäresiniň maksatnama laýyklykda  uly höwes bilen gatnaşyp, sowgatlaryny şatlyk-şowhun bilen kabul etdiler we öz begençli duýgulary bilen  zaly mähir,hoşniýetlilik we jadyly baýramçylyk ruhy bilen doldurdylar.

 

Geçirilen çäre, agzybirlik tagallalaryň netijesinde, çagalar üçin nä derejede uly  şatlyk we alada döredip  bolýandygyny aýdyň görkezdi.

<< Alada >> Ýaşalar merkeziniň meýletinçileri geljekde-de öz haýyr-sahawat işlerini dowam etdirmegi we ösüp gelýän ýaş nesil goldamaga hem-de ösdürmäge goşant goşmagy meýilleşdirýärler.

 

 

 

 

Mart 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
23 24 25 26 27 28 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
21706040
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13306
14204
148674
411958
21706040

Siziň IP: 216.73.216.24
2026-03-11

Связь с нами