Habarlar

Watan diňe halky bilen watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir! –diýýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz watanymyzy, türkmen halkyny we ýaş neslimizi hemmetaraplaýyn kämil dünýä ülňelerine laýyk derejä ýetirmekde, ýurdumyzyň içerki we daşarky syýasatlaryny durmuşa ornaşdyrmakda alyp barýan göreldeli zähmetini göz öňünde tutup, bu şanly baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça zähmet çekýän raýatlaryny “Watana bolan söýgüsi üçin”, “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy” we “Hormat hatlary” ýaly birnäçe Döwlet sylaglary, şa serpaýlary bilen sylaglady. “Işleseň - il tanar” diýipdirler. Ynsan öz kärini söýüp zähmet çekende armany-ýadamany bilmeýär. Yhlasyň, erjelligiň birigen ýerinde maksadyňa ýetip bolýar. Il-güne ýagşylyk edip, kesp-käri bilen görelde bolup, yhlasy we gaýraty bilen “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly ýadygärlik kümüş nyşanyna mynasyp bolan ildeşlerimiziň biride Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Dänew, Darganata, Çärjew we Farap etraplaryndaky wekili Ereş Orunowdyr. Hormatly dynç alyşa çykyp, öýünde gol gowşuryp oturmagy özüne mynasyp görmeýän ýaşuly egindeşimiz köpýyllyk zähmeti, ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine, ýaş nesliň terbiýesine goşan goşandy bilen kärdeşlerine, ýaşlara ullakan nusga boldy we Hormatly Prezidentimiziň elinden şa serpaýyny aldy. Biz hem özüniň wezipeleýin işleriniň hötdesinden gelip, Türkmen döwletiniň halklary parahatçylyga we howpsuzlyga alyp barýan ýol-ýörelgesi bolan Bitaraplyk syýasatyndan ugur alyp işleýän kärdeşimiz Ereş Orunowy mynasyp şa serpaýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Bizi şeýle eşretli durmuşda ýaşamaga, höwes bilen zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary belent, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. Berlen sylaglar päk zähmetimiz bilen halka hyzmat etmäge borçlandyrýar.

 

 

 

 

 

 

 

 

20445734
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7575
12758
332433
347898
20445734

Siziň IP: 216.73.216.151
2025-12-25

Связь с нами