Habarlar

2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň işgärleri we “Zehin” ýaşlar merkeziniň meýletinçileri üçin “Kyn durmuş ýagdaýyna düşen, goldawa mätäç maşgalalara ýardam bermek boýunça gulluklar” atly taslamasynyñ  çäginde wagyz işleri geçirildi. Çäräniň dowamynda milli konsultantlar zorluk bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlaryň ýagdaýyny ýeňilleşdirmekde meýletinçiligiň, jemgyýetçilik goldawynyň we psihologik kömegiň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Gatnaşyjylara jemgyýetde zenanlara we çagalara garşy zorluga garşy göreşmekde nähili çäreleri görmek, şeýle hem goldaw merkezlerine nähili ýüz tutmaly we kimden kömek soramalydygy barada maglumatlar berildi. Maslahatyň dowamynda “gyzgyn telefon ulgamynyň” işi barada hem giňişleýin gürrüň edildi. Hünärmenler şeýle çäreleriň jemgyýetde mähir, ynsanperwerlik we deňlik gymmatlyklaryny ösdürýändigini, şeýle hem zorlukdan ejir çekýänlere ýol görkezmekde möhüm orny bardygyny bellediler. Şeýle geçirilýän çäreler ýaşlaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagyna, birek-birege goldaw bermegiň we jemgyýetde deň hukuklylygyň ornaşmagyna uly itergi berýär.

 

 

19951852
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10592
12562
186449
174407
19951852

Siziň IP: 216.73.216.86
2025-11-17

Связь с нами