Habarlar

2025-nji ýylyň 20–24-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň çäginde adatdan daşary ýagdaýlarda dolandyryş, gyssagly gulluklaryn̈ hereketleriniň utgaşdyrylmagy hem-de ejir çeken ilata dürli ugurlarda kömek bermek boýunça giň gerimli çäreler geçirildi.

Bu çärelerde TGÝMJ-niň bäş welaýat bölümleriniň işgärleri we meýletinçileri gatnaşyp, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny görkezmäge mümkinçilik döretdiler.

Çäreleriň ähmiýetini halkara hyzmatdaşlarynyň — Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) wekilleriniň gatnaşmagy has-da artdyrdy. Maşgalalary birleşdirmek boýunça sebit wekili hanym Anna Berhe-Wallet we HGHK-nyň Türkmenistandaky wekiliýetiniň başlygy jenap Mihail Rahmanow tejribe alyşmak we hereketleriň utgaşdyrylmagyna baha bermek maksady bilen Daşoguza geldiler.

Çäreler ýerli häkimiýet edaralary hem-de tebigy betbagtçylyklara jogapkär gulluklar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda geçirildi. TGÝMJ-niň işgärleri we meýletinçileri üçin ýygnanyşyk nokatlary döredilip, zerur serişdeler we enjamlar taýýarlanyldy.

Esasy tapgyrlaryň biri — şertli betbagtçylyk zolagynda geçirilen türgenleşik okuwlary boldy. Onda TGÝMJ-niň meýletinçileri we işgärleri meýdan şertlerinde çalt, sazlaşykly we netijeli hereket etmäge taýýarlyklaryny görkezdiler.

Okuwlaryň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlaryň dürli görnüşleri boýunça hereketleriň meýilnamasy we guralyşy işlenip taýýarlanyldy. Milli jemgyýetiň ýolbaşçy düzümi ýerine ýetirilen çäreleriň netijeliligine baha berip, jogap beriş ulgamyny kämilleşdirmek, meýletinçileri taýýarlamak we maddy-tehniki binýady giňeltmek boýunça möhüm ugurlary kesgitledi.

Şunuň ýaly çäreler adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni alyş we olaryň netijelerini aradan aýyrmagyň milli ulgamyny berkitmäge, şeýle hem ynsanperwer işleri ýerine ýetirýän ähli düzümleriň arasynda durnukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

19720837
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1162
6653
129841
307258
19720837

Siziň IP: 216.73.216.111
2025-10-25