Habarlar

2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Merkezi edarasynyň mejlisler zalynda, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna we Ýaşulular gününe bagyşlanyp maslahat geçirildi. 

Maslahatyň esasy maksady — Türkmenistanyň parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş, sanly ulgam, ekologiýa we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugurlaryndaky garaýyşlaryny giňden wagyz etmekden ybarat boldy. 

Çärä TGÝMJ-niň merkezi we welaýat bölümleriniň işgärleri, meýletinçiler, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy. 

Maslahatyň dowamynda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy, hemişelik bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa we ynsanperwer meseleleriň çözülmeginde alnyp barylýan taslamalar barada çykyşlar edildi. 

Türkmenistanyň BMG-nyň çäklerindäki başlangyçlarynyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendigi nygtaldy. Bu ugurda ýurdumyzyň ulag, energetika, ekologiýa we halkara hukuk ulgamyndaky teklipleriniň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. 

Maslahatda çykyş edenler, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk ýörelgesiniň dünýäde parahatçylyk we ynanyşmagy berkitmekdäki ornuna aýratyn üns berdiler. Şeýle hem «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» hem-de «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» ýaly halkara başlangyçlaryň işjeň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygy bellenildi. Bu meseleleriň halkara giňişliginde işjeň peýdalanylmalylygyny görkezmek maksady bilen, Türkmenistan, medeni köpdürlülik we köpdilli diplomatiýa boýunça halkara gününi yglan etmek teklibini öňe sürer. Şeýle hem, ýaş parahatçylyk gurujylary üçin sebitleýin platforma döretmek we dürli halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy ösdürmek ýaly möhüm başlangyçlar alnyp barylýar. Türkmenistan, BMG-niň işine işjeň gatnaşmagy, halkara hukuk we parahatçylyk meselelerinde täze çözgütleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer. 2028-nji ýylda “Halkara hukugyň ýyly” diýlip yglan edilmegi meýilleşdirilýär. Bu başlangyç, halkara hukukny pugtalandyrmak we BMG çäklerinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň möhüm şerti hökmünde hereket eder.  

Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzyñ parahatçylyk, ynsanperwerlik, ekologik we durnukly ösüş ugurlarynda alyp barýan işleriniň halkara derejesinde möhüm orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.

 

 

 

 

19708065
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4445
5440
117069
307258
19708065

Siziň IP: 216.73.216.11
2025-10-22