Habarlar

Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň şöhratly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň jemgyýetçilik işlerinde aýratyn üstünlik gazanan şahslara hormatly sylaglar gowşuryldy. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň başlygy Saparklyçew Nazarklyç Dedebaýewiç hem Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň adyndan «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. Ol ýurdumyzda ýaş nesilleri sagdyn we watançylyk ruhunda terbiýelemekde, jemgyýetçilik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde hem-de raýatlaryň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmakda uly goşant goşandygy üçin bu hormatly sylaga mynasyp boldy. Bu aýratyn hormat onuň köp ýyllaryň dowamynda bitiren halal zähmetiniň hem-de Watana wepaly hyzmatynyň ajaýyp netijesi bolup durýar. Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň adyndan gowşurylan bu sylag, ýurdumyzyň il-ýurt bähbitli işlerine berilýän uly bahanyň, şeýle hem raýatlaryň Watana bolan çäksiz söýgüsiniň nyşanydyr.

 

 

22366667
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6742
13574
377806
431495
22366667

Siziň IP: 216.73.216.200
2026-04-27

Связь с нами