Habarlar

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi Daşoguz welaýat raýat goranyşy we halas ediş müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky Döwlet toparynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, Şabat etrabynda giň gerimli toplumlaýyn tälim beriş türgenleşik okuwy geçirildi. "Ýurdumyzyň çägindäki derýalaryň suw derejesiniň ýokarlanmagy, şeýle hem sil suwlarynyň we akabalarda ýagyş suwlarynyň emele gelmegi netijesinde ýüze çykyp biljek adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we dolandyryşy guramak" ady bilen geçirilen bu çärede dürli pudaklaryň wekilleri hem-de degişli hünärmenler gatnaşdylar. Tälim beriş okuwynyň dowamynda ilaty we maddy gymmatlyklary howpsuzlyk zolagyna guramaçylykly göçürmek hem-de olaryň ýerleşdirilişini üpjün etmek bilen bagly meseleler boýunça degişli amaly çäreler geçirildi.Welaýatda guramaçylykly göçüriş we göçürilenleri kabul ediş toparlarynyň iş tejribesi pugtalandyryldy, olaryň özara utgaşykly hereket etmegi boýunça ýörite tälimler berildi. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ilatyň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga, degişli düzümleriň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de tebigy we tehnogen häsiýetli howplara garşy netijeli çäreleriň görülmegine ýardam edýär.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Iyul 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 31 1 2 3
18835497
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8499
10871
116844
468293
18835497

Siziň IP: 18.97.9.168
2025-07-09