Habarlar

2025-nji ýylyň 20–21-nji maý aralygynda Özbegistanyň paýtagty Taşkent şäherinde Gündogar Ýewraziýa sebitindäki Maşgala Baglanyşyklary Ulgamy boýunça (Family Links Network, FLN) ýyllyk konferensiýasy geçirildi.

Bu konferensiýa Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (ICRC) guramagynda geçirildi we oňa Azerbaýjan, Belarus, Estoniýa, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan hem-de Özbegistan döwletleriniň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň maşgala baglanyşyklaryny dikeltmek ugrunda işleýän hünärmenleri we utgaşdyryjylary gatnaşdylar.

Konferensiýanyň dowamynda gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlarda – tebigy betbagtçylyklar, ýaragly çaknyşyklar we mejbury göçler ýaly ýagdaýlarda – ýitirim bolan adamlaryň maşgala agzalary bilen aragatnaşygyny dikeltmegiň häzirki zaman usullary, ösüşleri we kynçylyklary bilen tanyşdylar. Ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak, hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen baglanyşykly meseleler hem giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, Konferensiýanyň dowamynda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň halkara derejesindäki wekilleriniň onlaýn çykyşlary aýratyn täsir galdyrdy. Olar dünýäniň dürli künjeklerinde Maşgala gatnaşyklaryny dikeltmek ulgamynyň ýerine ýetirilişi, ýüzbe-ýüz gelinýän kynçylyklara garşy alnyp barylýan çäreler, şeýle hem bu ulgamda täzeçil çemeleşmeler barada maglumat berdiler. Bu çykyşlar gatnaşyjylarda çuňňur pikir döretdi we halkara tejribe bilen tanyşmaga giň mümkinçilik açdy.

Konferensiýanyň yzýany, 2025-nji ýylyň 22–23-nji maý aralygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň wekilleri üçin adatdan daşary ýagdaýlarda maşgala gatnaşyklaryny dikeltmek boýunça ýörite 2 günlük okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw hem Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň gurnamagynda geçirildi. Okuwyň dowamynda gatnaşyjylar Maşgala gatnaşyklaryny dikeltmek ulgamynyň halkara kadalary, iş usullary, aragatnaşyk gurallary, maglumat howpsuzlygy we ýagdaýlara çalt jogap bermek bilen baglanyşykly mowzuklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Okuw gatnaşyjylar üçin tejribe alyşmaga, täze usullary öwrenmäge hem-de öz ýurtlarynda bu işi has netijeli alyp barmaga uly mümkinçilik döretdi. Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň tejribeli hünärmenleriniň geçiren interaktiw sapaklary we toparlaýyn işleşikler gatnaşyjylar üçin örän täsirli boldy.

 

 

 

 

Iyun 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
26 27 28 29 30 31 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 1 2 3 4 5 6
18254567
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4207
14709
4207
486034
18254567

Siziň IP: 216.73.216.210
2025-06-01