Habarlar

2025-nji ýylyň maý  aýynda  Balkanabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçylary üçin şowhunly we gyzykly sport estafetasyny gurnadylar.
Çärä taýýarlyk birnäçe gün öň başlandy. Meýletinçiler  estafeta üçin ýörite çykyşlary taýýarladylar, sport esbaplaryny saýladylar we okuwçylaryň ýaşyna laýyk oýunlary düzdüler. Howpsuzlyga, çärelerdäki dürlüligi üpjün etmemäge  her bir çaganyň gatnaşygyny üpjün etmeklige aýratyn üns berildi.
Çäre güni mekdebiň sport zaly şatlykly seslere we çagalaryň şatlykly gülkisi bilen başlady. Meýletinçiler gyzgalaňly başlap, gatnaşýan okuwçylary toparlara bölüşip we estafeta başlandy. Oňa päsgelçilikli ylgaýyş, bökmek, top zyňmak ýaly hereketli we gyzykly ýaryşlar girizildi. Çagalar uly höwes bilen gatnaşyp,        birek-birege goldaw berdiler we sporty ruhubelentlik bilen garşy aldylar.
Şular ýaly çäreler diňe bir çagalaryň fiziki taýdan ösüşine däl, eýsem nesiller arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ýaşlarda jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmak endigini ösdürmäge uly goşant goşýar. "Alada" Ýaşlar Merkezi şeýle çäreleri dowam etdirmegi we meýletinçileriň hereketini giňeltmegi meýilleşdirýär.

 

 

 

 

 

 

 

 

20929919
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5925
18663
390014
426604
20929919

Siziň IP: 18.97.9.170
2026-01-20

Связь с нами