Habarlar

Balkan welaỳatynyñ  Etrek etrabynda adatdan daşary ýagdaýlar boýunça meýdan okuwy geçirildi. Ssenariýa görä, goňşy ýurtdan gelen bosgunlar watanymyzyň serhedinden geçdiler. Olar serhetde garşylandy we awtobus bilen wagtlaýyn ýaşaýyş lagerine getirildi. Bosgunlara  amatly ýaşamak üçin ähli şertler   wagtlaýyn ýaşaýyş lagerinde döredildi: hasaba alyş nokady, lukmançylyk merkezi, mekdep we çagalar bagy, naharhana, ynsanperwer kömegini paýlaýyş nokady we beýleki durmuş goldaw nokatlary. Türkmenistanyñ Gyzyl Ỳarymaỳ Milli Jemgyỳetiniň Balkan welaỳat bölümi, ýaşaýyş pudagy we ynsanperwer  kömek paýlaýyş nokady üçin jogapkärdi. Maşgala çadyrlary guruldy we zerur zatlar bilen üpjün edildi: düşek, sanitariýa we arassaçylyk enjamlary. Ynsanperwer  kömek paýlanyş nokadynda gatnaşyjylara azyk paýlandy. Şeýle okuwyñ  maksady, hakyky ýagdaýda bosgunlary kabul etmek işini üstünlikli bolmagy üçin ähli guramalaryň we edaralaryň taýýarlygyny barlamakdyr. Elbetde, tejribämiz we bilimlerimiz diňe tälim bermek de peýdaly bolarýaly, bütindünýäde parahatçylyga umyt edýäris !

 

 

 

 

18515774
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12446
19358
265414
486034
18515774

Siziň IP: 18.97.14.89
2025-06-17