Habarlar

Geçirilýän okuw seminarlaryň esasy maksady –  betbagtçylykly waka ýüze  çykan wagtynda lukman gelýänçä, adamlaryň durmuşyny halas edip biljek ilkinji kömek endiklerinini öwretmek bolup durýar. Meýletinçiler  öz  deň-duşlarynyň arasynda dem alyş ýollarynyň bozulmagy, gan  akmalar, çaşmak, gün  urmak, trawmalar, ýürek  tutgaýy  ýaly gaýragoýulmasyz ýagdaýlar nähili  dogry hereket etmeli diýen ýaly meseleler bilen tanyşdylar.
Okuw sapaklary diňe bir nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem manekenleriň we ýörite enjamyň kömegi bilen amaly türgenleşikleri hem öz içine aldy.
Guramaçylar ilatyň uly gyzyklanma bildirýändigini bellemek bilen, şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigini nygtaýarlar. Meýletinçileriň sözlerine görä, ilkinji kömegiň esaslaryny bilmek diňe bir peýdaly endik däl-de, her bir raýatyň jogapkärçiligidir.
Meýletinçileriň geljekki meýilnamalarynda seminarlaryň gerimini giňeltmek we mekdep okuwçylary hem-de talyplar üçin goşmaça türgenleşik okuwlaryny geçirmek meýilleşdirýär.

 

 

 

 

Iyun 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
26 27 28 29 30 31 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 1 2 3 4 5 6
18251332
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
972
14709
972
486034
18251332

Siziň IP: 216.73.216.177
2025-06-01