Men, Adaýewa Marýam, 2023-nji ýylyň awgustyndan bäri TGÝMJ-niň meýletinçi. Höweslendirmek hökmünde, TGÝMJ-niň adyndan 2024-nji ýylyň 18-23-nji iýuny aralygynda Solferino şäherinde, Italiýada ýaşlar liderleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin maňa ygtyýar berildi.
Solferino diňe bir kiçijik Italýan şäherçe däl, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň taryhynyň başlanan ýeri. Bu ýerde, 1859-njy ýylda fransuz-italýan goşunlary bilen awstriýalylaryň arasynda söweş bolup geçdi, “GH we GÝ” hereketini esaslandyryjy Andri Dýunan, uruş elhençligine şaýat bolup, ynsanperwerlik guramasyny döretmek we uruş wagtynda ejir çekenlere kömek etmeli diýen pikirini öňe sürdi.
Solferinoda Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň 51 ýurdunyň wekilleri ýygnandy. Duşuşyk maksatnamasy Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetleriniň işini gowulandyrmak boýunça dürli sapaklary we master sapaklary öz içine aldy. Meýletinçiler tejribe alyşdylar we işlerini gowulandyrmagyň ýollaryny maslahatlaşdylar. Biz Solferinada,Italiýa ýurduň medeniýeti bilenem tanyşdyk. Bizi Italiýanyň Gyzyl Haç muzeýine çagyrdylar, köp zatlary öwrendik. Gatnaşanlar üçin aýratyn dostluk we agzybirlik goşan italýan aýdymçylarynyň çykyşlary bilen konsert guraldy.
Meniň üçin iň ýatdan çykmajak pursat “Fiacolata” festiwalyna gatnaşmakdy. Meýletinçiler, 1859-njy ýyldaky söweşde ölenleriň hatyrasyna baýdak göterip, Solferinonyň hemme ýerinde fakel bilen 13.2 kilometr aralygy geçdiler. Bu ýöriş dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşyjylary birleşdirip, taryhyň hormatynyň nyşanyna öwrüldi.
Italiýa syýahat meniň üçin meýletin işimde möhüm tapgyra öwrüldi. Okuwda alnan okuw we beýleki ýurtlaryň kärdeşleri bilen aragatnaşyk gurmak meniň bilimimi we başarnygymy baýlaşdyrdy we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň gymmatlyklaryna has gowy düşünmäge mümkinçilik berdi.