Habarlar

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri şäheriň çäginde ýaşaýan Mährem eneler bilen baýramçylyk duşuşyklaryny gurnadylar. Welaýat bölüminiň meýletinçileri Mährem eneleriň öýlerine baryp baýramçylyklary bilen gutladylar. Mährem eneler meýletinçilere birnäçe öwüt-ündewler, täsirli wakalar barada gürrüňler berildiler. Bu gün gelin-gyzlaryň, eziz enelerimiziň şanyna Halkara zenanlar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglar we iň gowy arzuwlar beýan edildi.  Ene mähribanlygy, aladasy, ruhy jomartlygy üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy. Duşuşygyň ahyrynda Mährem enelere welaýat bölümi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu geçirilen duşuşyk meýletinçilerimizde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.   

Aprel 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 1 2 3
22110411
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8090
13836
121550
431495
22110411

Siziň IP: 216.73.216.6
2026-04-09

Связь с нами