BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Daşoguz şäherindäki «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda saglygy goramak we yssy howanyň zyýanly täsirlerinden goranmak boýunça düşündiriş işleri geçirildi. Çäräniň dowamynda hünärmenler tarapyndan çagalara tomus möwsüminde gün şöhlesiniň göni täsirinden goranmagyň ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem olara açyk howada bolanda saýawanlardan peýdalanmak, kellelerine şlýapa ýa-da panama geýmek, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmek hem-de günüň has yssy sagatlarynda daşarda uzak wagtlap oýnamazlyk maslahat berildi. Geçirilen düşündiriş işleri çagalaryň tomus paslynda saglygyny goramak, howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek maksadyna gönükdirildi.

  

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
23589053
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10351
12841
248363
466845
23589053

Siziň IP: 216.73.217.100
2026-07-15

Связь с нами