BAŞ SAHYPA

Dänew etrabynyň 3-nji Farap etrabynyň 2-nji orta mekdeplerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Çärjew, Dänew, Darganata, Farap etraplaryndaky wekili tarapyndan agzalýan etraplaryň ähli umumy bilim berýän orta mekdepleriniň mekdep müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşyk Ýokanç we ýokanç däl kesellerini öňüne almak ynsan saglygyny goramak sagdyn durmuş ýörelgelerini hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmegi bilen bagly wagyz etmek ýaly möhüm tutumlara bagyşlandy.

Duşuşykda jemgyýetiniň wekili giňişleýin çykyş etdi. Şeýle mazmunly duşuşyklary etraplardaky her bir mekdepde dowam etdirmek maslahat berildi. Çärä gatnaşyjylar çykyşy uly gyzyklanma bilen diňläp, geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň sagdyn ulalmagy üçin ellerinden gelen tagalalary etjekdiklerini aýtdylar. Şeýle duşuşyklaryň iňňän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
22213501
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8670
15189
224640
431495
22213501

Siziň IP: 216.73.216.22
2026-04-16

Связь с нами