TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri Daşoguz şäheriniň B.Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplary bilen bilelikde, 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda talyp ýaşlar tarapyndan taýýarlanan baýramçylyk çykyşlary, aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary gatnaşyjylara ruhubelentlik paýlady. Şeýle hem gelin-gyzlara bagyşlanan gutlag sözleri aýdylyp, olaryň jemgyýetdäki orny we ähmiýeti barada nygtalyp geçildi. Baýramçylyk çäresinde zenanlara goýulýan hormat-sarpa, olaryň maşgala ojaklarynyň bagtyýar bolmagyndaky we jemgyýetimiziň ösüşindäki möhüm roly aýratyn bellenip geçildi. Şeýle çäreler ýaşlaryň arasynda sylag-hormat, hoşniýetlilik hem-de milli däp-dessurlara sarpa goýmak ýaly gymmatlyklary ösdürmäge ýardam berýär.





