BAŞ SAHYPA

4-nji martda Türkmenabat Lukmançylyk orta okuw mekdebinde “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk” barada wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä Lebap welaýat Raýat goranyş we Halas ediş işleri müdirliginiň işgärleri we Türkmenistanyň Gyzyl Yarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, ADÝD-k we MEÜ-k bölümçesiniň müdiri we Türkmenabat Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdy.

         Sapak wagtynda talyplara adatdan daşary ýagdaýlarda, hususan-da ýer titremelerinde, suw joşmalarynda we güýçli tupan şemallarynda özlerini nähili alyp barmalydygy öwredildi. Şeýle hem talyplar bilen adatdan daşary ýagdaýlarda "Ilkinji kömegi bermegiň kadalary" mowzugy boýunça çekişme geçirildi.

Ýer titremesini çaklap bolmaýar, şonuň üçin esasy zat asuda bolmak we haýsy görkezmelere eýermelidigini anyk bilmekdir.

Talyplar öz janyny we ýakynlarynyň janyny halas edip biljek bilimleri.

Özbaşdak döwletimiziň gazananlaryny gorap saklamak we geljekki nesillere ähli gymmatlyklarynda bermek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Mart 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
23 24 25 26 27 28 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
21686883
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8353
13547
129517
411958
21686883

Siziň IP: 216.73.216.111
2026-03-10

Связь с нами