BAŞ SAHYPA

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Merkezi edarasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Bitaraplyk doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz” atly dabaraly maslahat geçirildi. 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň belent ruhuna beslenen bu çäre, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň dabaralanmasyna öwrüldi.

​Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýäde eýeleýän ornuna, ýurdumyzyň parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekdäki taryhy başlangyçlaryna aýratyn üns çekdiler. Maslahatda Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň bir bitewüligi, döwletimiziň dünýä halklary bilen doganlyk we dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekdäki işjeň orny, şeýle-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bu ugurdaky alyp barýan işleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy giňişleýin beýan edildi.

​Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkara abraýymyzyň belende galmagynda we ynsanperwer diplomatiýamyzyň dabaralanmagynda uly tagallalar edýän ýurt Baştutanymyza öz sagbolsunlaryny aýtdylar hem-de Türkmenistanyň saýlap alan Bitaraplyk we doganlyk ýolunyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenjekdigini nygtadylar.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Mart 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
23 24 25 26 27 28 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
21567854
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10488
13562
10488
411958
21567854

Siziň IP: 216.73.216.15
2026-03-01

Связь с нами