BAŞ SAHYPA

2026-njy  ýylyň ýanwar aýynyň 30-na  TGÝMJ-niň  tertipnamsyna  laýyklykda nobatdaky 13-njy  Merkezi  geňeşi geçirildi. TGÝMJ-iň   Geňeş  agzalary  2026-njy  ýyl  üçin jemgyýetiň  wajyp  meselelerine  seredildi. TGÝMJ-niň 2025-nji  ýylyň  Arkadag şäheriniň  we  welaýat bölümleriniň Geňeş agzalary 2025-nji  ýylyň hasabaty  bilen  çykyş  etdiler,  2026-njy  ýylda  serediljek  soraglaryň ara  alyp  maslahatlaşyldy geçirlen geňeşde degişli  kararlar  kabul  edildi. 

Geňeşden  soň  bolsa  TGÝMJ-iň 2026-njy  ýylda  jemgyýetiň 100-ýyllyk  ýubileýi bilen baglanşykly guramaçylykly soraglaryň  ustünde işlenildi.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
21777330
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10510
15172
219964
411958
21777330

Siziň IP: 216.73.216.6
2026-03-16

Связь с нами