BAŞ SAHYPA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek, adatdan daşary ýagdaýlarda dogry hereket etmegi öwretmek we raýat goranyşyny kämilleşdirmek meselelerine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Şu maksat bilen, 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda «Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna» laýyklykda möhüm okuw maslahaty geçirildi.

         «Raýat goranyşyna we adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmäge taýýarlyk sapaklaryny gurap geçirmekde toplanan tejribeleri paýlaşmak» ady bilen geçirilen bu çäre, umumybilim edaralarynyň mugallymlary we degişli hünärmenleri üçin niýetlendi. Maslahatyň esasy özeni — tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda ilatyň, aýratyn hem ýaş nesliň goranyş ukyplaryny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

Maslahata Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) hünärmenleri işjeň gatnaşyp, özleriniň baý tejribelerini paýlaşdylar. Jemgyýetiň hünärmenleri tarapyndan aşakdaky ugurlar boýunça giňişleýin çykyşlar we amaly görkezmeler berildi:

  • Ilkinji kömegiň ähmiýeti: Adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda, lukmançylyk kömegi gelýänçä berilýän ilkinji kömegiň adamyň ömrüni halas etmekde tutýan orny barada gürrüň berildi.
  • Howpsuzlyk medeniýeti: Ilatyň arasynda howpsuz ýaşaýyş medeniýetini kemala getirmegiň we ösdürmegiň jemgyýet üçin ähmiýeti nygtaldy.
  • Sebitleýin taslamalar: Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda ýer yranmalaryna we howanyň üýtgemegi bilen bagly tebigy betbagtçylyklara taýýarlygy üpjün etmäge gönükdirilen taslamalaryň netijeleri barada durlup geçildi.

TGÝMJ-niň hünärmeniniň öz çykyşynda belleýşi ýaly:

«Biziň jemgyýetimiziň geljegi ýaşlaryň aňyndan, habarlylygyndan we taýynlygyndan ugur alýar. Şol sebäpli hem işlerimizde esasan ýaşlara, mekdep okuwçylaryna, mugallymlara we aýratyn hem maýyplygy bolan çagalara aýratyn üns berýäris.»

Geçirilen bu okuw maslahaty diňe bir nazary bilimleri däl, eýsem amaly başarnyklary hem kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi. Bu bolsa ýurdumyzda adatdan daşary ýagdaýlarda raýatlaryň özüni alyp barmak medeniýetiniň ýokarlanmagyna we umumy howpsuzlygyň berkitilmegine uly goşant bolar.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
20971406
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12789
18217
431501
426604
20971406

Siziň IP: 216.73.216.29
2026-01-22

Связь с нами