Türkmenabatdaky Garrylar we maýyplar üçin sosial hyzmatlar bölüminde Gaýrat ýaşlar merkeziniň meýletinçileri Täze ýyl 2026-njy ýyl mynasybetli ýaşulular üçin çykyş etdi. Ol ýerdäki ene-atalar ýaşlyklaryny ýada salandyklary üçin bu çärä işjeň gatnaşdylar. Meýletinçiler türkmenleriň Kuşdepdi tansy, gürji tansy, türk halaýy, kawkazly Lezginka we özbek lazgi ýaly tanslary hödürlediler. Şeýle hem, “Filmi öz sazy bilen çaklaň” we başga-da köp sorag. Gatnaşanlaryň hemmesi kanagatlandy we ahyrynda garrylara süýji tortlar we iň esasysy mandarin görnüşinde Täze ýyl ruhy berildi. Çykyşlaryň ahyrynda ähli garry adamlar ýaşlyk aýdymlaryna tans etdiler. Meýletinçiler pansionata ýygy-ýygydan gelip, ýalňyzlyk duýmazlygy üçin ene-atalaryna baryp görmegi wada berdiler.


