Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň we işjeň meýletinçileriniň gurnamagynda Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesiniň 4-nji orta mekdebinde okuwçylarynyň we mugallymlaryň arasynda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň alyp barýan işleri barada wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ynsanperwer hereketleriniň ýedi ýörelgesi, ýerine ýetirýän işleri barada giňişleýin aýdyp geçdiler. Olar adatdan daşary ýagdaýlarda, lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň endiklerini owrenmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak maksatly alnyp barylýan işleri barada giňişleýin aýdyp berdiler. Ilatyň kömege mätäç topary üçin jemgyýetiň ynsanperwerlik işine goşýan goşantlaryna meýletinçileriň okamaga, işlemäge, döretmäge höweslerini artdyrýar diýip meýletinçiler uly buýsanç bilen aýtdylar.
TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap
şahamçasynyň wekili G.Begmämmedowa